DÜÝPLI SALGYT SALMA USSATLYK SAPAGY
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
SALGYT WE IŞEWÜRLIK MASLAHATLARY
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
SALGYT MEÝILLEŞDIRMESI
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
SALGYT BARLAGYNDA AUDIT GOLDAWY

DÜÝPLI SALGYT SALMA BOÝUNÇA USSATLYK SAPAGY

       Bu hyzmat her bir müşderä aýratyn hususy gönükdirilen we müşderiniň salgyt ýagdaýy esasynda taýýarlanýar. Bu diňe bir ýagdaýyň nazaryýet öwrenmesi däl-de, eýsem bu kanunlaryň we kadalaryň tejribede dogry ulanylyşynyň görkezmesidir. Netijede, müşderi dürli salgyt ýagdaýlardaky hereketlere degişlilikde aýdyň mysaly we hukuk bazasyny alýar.

SALGYT WE IŞEWÜRLIK MASLAHATLARY

       Maslahat biziň kompaniýamyzyň esasy ugry bolup çykyş edýär. Adaty ýagdaýda, maslahata bolan zerurlyk kompaniýa adaty däl ýagdaý bilen çaknyşanda we oňa degişli tiz täsir we ýeke dogry çözgüt bolup durýan degişli karar kabul edilmeli bolanda döreýär. Köplenç, beýle ýagdaýlarda kompaniýalar ýagdaýyň dogry beýan edilmeginde we meseläniň düzülmeginde kynçylyk çekýärler. Biziň hünärmenlerimiz meseläňize dogry düşünmäge, beýan etmäge we düzmäge ýardam ederler. Biziň hünärmenlerimiziň salgyt salma we salgyt hukugy babatyndaky baý tejribeleri bu hyzmatlary ýokary we hilli derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa biziň müşderilerimiziň talaplaryny bütinleý kanagatlandyrýar we olarda biz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça isleg döredýär. Rahatlygyňyz üçin biz Siziň ofisiňize baryp, şeýle hem Sizi öz ofisimizde kabul edip bileris. Zerurlyklaryňyza baglylykda bu hyzmat hem bir gezeklik, hem dowamly gurnalyň bilinýär. Biziň wekilçiligimizde ynamdar we tejribeli hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin gatnaşygyň netijesi hökmünde – Siziň işewürligiňiz gülläp ösmegi çykyş eder.

SALGYT MEÝILLEŞDIRMESI (TASLAMADAN ÖŇKI, TASLAMA-ARA, TASLAMADAN SOŇKY)

– Gymmatly we çylşyrymly taslamanyň üstünde işleýärsiňizmi?
– Salgyt barlagy üçin hasabatyňyzy taýýarlaýarsyňyzmy?
– Taslamaňyzy salgyt salmak nukdaýnazaryndan bahalandyrmaga hyýallanýarsyňyzmy?
– Salgyt kanunçylygynda beýan edilen iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgyt ýeňillikleri hakynda ylalaşygyň barlygyndan nähili derejede habarlysyňyz?

Bu ýagdaýda salgyt meýilleşdirmesi Siz üçin iň dogry çözgütdir!

       Salgyt meýilleşdirmesi taslamadan öňki, taslama-ara, taslamadan soňky hökmünde gurnalyp bilner.

Taslamadan öňki salgyt meýilleşdirmesi taslamaňyzyň has ähtimal salgyt çykdajylaryny öňünden görmäge kömek eder. Şeýlelik bilen, Siz dürli bäsleşiklere gatnaşmak bilen çykdajylar barada wajyp maglumata eýe bolup bilersiňiz, bu bolsa maýa goýumlarynyň harajady ödeýjilik koeffisenti babatynda tamalaryňyzy dogurlamaklyga ýardam eder.
Taslama-ara salgyt meýilleşdirmesi geljekki salgyt çykdajylaryna düşünmek bilen wagty gelen tölenmeli salgytlary kesgitlemeklige mümkinçilik döreder.
Taslamadan soňky salgyt meýilleşdirmesi salgyt salynma nukdaýnazaryndan taslamany üstünlikli gutarmaklyga we geljekki salgyt barlagyna taýýarlanmaklyga mümkinçilik döreder. Eger Siz belli salgytlary eýýäm artyk ýa-da kem tölän bolsaňyz, Sizde degişli dogurlamalary girizmeklige we artyk tölenen salgytlar boýunça geljekki tölegleriň hasabyna hasaplaşyk geçirmeklige mümkinçilik we wagt bolar.

Ýokary hilli salgyt meýilleşdirmesi salgyt borçnamalaryňyzy başarnykly amatlaşdyrmaklyga mümkinçilik döreder.

SALGYT BARLAGLARYNDA AUDIT GOLDAWY

       Dowam edýän taslamalaryň çylşyrymlylygy, ähmiýetliligi we ýokary baha sebäplerinden, kompaniýalar salgyt salmak wezipesini şol ugryň ynamdar ussatlarynyň alyp barmagyna zerurlyk duýup bilerler. Uly tejribe, salgyt kanunlarynyň gowy bilmegi we salgyt salma meseleleriniň başarnykly düşündirmegi sebäpli, biz Size salgyt salma we Türkmenistanda  hereket edýän kanunlar bilen baglanşykly dawa meseleleriň ýüze çykmagynda, salgyt barlaglarynda siziň bähbidiňizi göz öňünde tutup, has kabul ederlik netijelere ýetmek üçin bahasyna ýetip bolmajak kömek edip bileris.