BUHGALTERIÝANY DAŞYNDAN ÝÖRETMEK
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
BUHGALTERIÝANY DIKELTMEK
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
MHHS
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
MALIÝE-HOJALYK IŞINIŇ SELJERMESI

BUHGALTERIÝANYŇ AUTSORSINGI (BUHGALTERIÝANYŇ DAŞYNDAN ÝÖREDILMEGI)

       Eger siz ýokary hilli buhgalterçilik hasaba alnyşynyň bolmagyny we buhgalteriýaňyzy bu pudakdaky bilermenleriň ähtibarly ellerine ynanmak isleseňiz, aşakdaky hyzmatlaryň sanawy Size niýetlenilen:

– Buhgalterçilik funksiýasynyň autsorsingi;
– Maliýe hasabatlarynyň we salgyt beýannamalarynyň doldurylmagy we tabşyrylmagy;
– Statistiki hasabatlylygyň doldurylmagy we tabşyrylmagy;
– Hukuk resminamalarynyň taýýarlanylmagy we möhletiniň uzaldylmagy;
– Siziň kompaniýaňyzyň adyndan döwlet edaralarynyň öňünde wikilçiligi.

BUHGALTERÇILIK HASABA ALNYŞYNYŇ DIKELDILMEGI

       Karz alma, bäsleşiklere gatnaşma, barlaglar we ş.m. ýaly dürli sebäplere laýyklykda kompaniýalarda hereket edýän kanunçylygyň standartlaryna we talaplaryna laýyk geljek ýokary hilli we kadaly buhgalterçilik hasaba alnyşyna mätäçlik ýüze çykýar. Biziň kompaniýamyzyň bilermen buhgalterleri standartlaryň we kanunlaryň soňky talaplaryna laýyklykda göwrümine we sarp edilen wagta bagly bolmazdan Siziň buhgalterçilik we salgyt hasaba alnyşyňyzy bahalandyrmaklykda we zerur bolan halatynda dikeltmeklikde ýardam bermeklige taýýardyrlar. Bu hyzmaty saýlamak bilen Sizde diňe bir gowy buhgalterçilik hasaba alnyşy bolman, eýsem şonuň esasynda geljekki buhgalterçilik amallaryny üstünlikli ýöretmekligi dowam edip boljak gowy kadalaşdyrylan buhgalterçilik ulgamy bolar. Netijede, Siziň maliýe hasabatlylygyňyz takyk maliýe ýagdaýyňyzy görkezer.

MHHS

       Maliýe hasabatlylygynyň MHHS laýyklykda üýtgedilmegi maliýe hasabatlylygynyň we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryndan (MHMS) maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna (MHHS) geçişini we täzeden gurnalmagyny aňladýar.

MHHS geçişiň artykmaçlyklary:
– Halkara maliýe bazarlaryna goşulmak mümkinçiligi we ýoly;
– Halkara karzalara we kreditlere ýol;
– Maliýe çeşmeleriniň has netijeli paýlanylmagy;
– Maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagy;
– Degişli kararlar kabul edilende ýolbaşçylar üçin maglumatlaryň düşünmäge elýeterliligi;
– MHHS boýunça hasabatlar şertliliklerden we çäklendirmelerden erkin;
– Ykdysady düzümiň ileri tutulýan ugurlary hukuk görnüşiň düzüminden agdyklyk edýär;
– Ykdysady kararlara täsir etmegiň ýerlikliligi we mümkinligi;
– Ulanyjylaryň tamalarynyň takyklygy üçin hadysalara we kompaniýanyň takyk maliýe ýagdaýyna düşünmekde ygtybarlylyk.

Kompaniýamyzyň MHHS pudagynda ýöriteleşýän bilermenleri muny başarnykly, wagtynda we elýeterli görnüşde ederler. Bu hyzmat öz içine aşakdakylary alýar we olar bilen çäklenmeýär:

– MHMS laýyklykda taýýarlanan maliýe hasabatlylygynyň auditi;
– MHHS laýyklykda maliýe hasabatlylygynyň üýtgedilmegi we utgaşdyrylmagy;
– Synag balanslaryň taýýarlanylmagy;
– MHHS laýyklykda hasaba alnyş syýasatynyň taýýarlanylmagy;
– MHHS üýtgedilmeginiň bahalandyrylmagy;
– MHHS geçmek boýunça müşderä maslahat bermek;
– MHHS boýunça ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi.

MALIÝE-HOJALYK IŞINIŇ SELJERMESI

       Kärhananyň maliýe-hojalyk işiniň seljermesi kompaniýanyň ileri tutulýan maliýe meselesini çözmek üçin zerur: krizisden çykmakda, işewürligi ýa-da paýnama bukjasyny satyn almak-satmak, maýa goýumlaryny (karz serişdelerini) çekmek, kompaniýanyň maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmaklygy ýola goýmak.

       Biziň bilermenlerimiz hyzmat etmekligiň çäklerinde kärhananyň maliýe-hojalyk işiniň toplumlaýyn seljermesine degişli maglumaty açmagyň ýokary hünärli çemeleşmesini kärhananyň aýratynlygyny we pudak görkezijilerini hasaba almak, dolandyryş gurluşlaryny, material-tehniki esaslaryny we tehnologiki toplumyny öwrenmekligi we şol sanda aşakdakylary hasaba almak bilen hödürleýärler:

– Maglumatyň dogrulygyny bahalandyrmak;
– Maglumatyň işlenilmegi (hasabatlylygyň analitiki tablisalarynyň we agregirlenen görnüşleriniň düzülmegi);
– Maliýe hasabatlarynyň gurluşynyň görkezijileriniň hasaplanylmagy (wertikal barlag);
– Maliýe hasabatlarynyň maddalarynyň üýtgeýiş görkezijileriniň hasaplanylmagy (gorizontal barlag);
– Maliýe koeffisentleriniň maliýe işiniň esasy ugurlary ýa-da aralyk maliýe agregatlary boýunça hasaplanylmagy (maliýe durnuklylygy, tölege ukyplylyk, iş işjeňligi, girdejililik we ş.m.);
– Maliýe koeffisentleriniň görkezijileriniň kadalaşdyryjylar (umumy ykrar edilen we orta-pudak) bilen deňeşdirme barlagy;
– Maliýe koeffisentleriniň üýtgemeleriniň barlagy (erbetleşmä ýa-da gowulaşma ymtylyşyň anyklanylmagy);
– Integral maliýe koeffisentleriniň hasaplanylmagy we bahalandyrylmagy;
– Işlenilen maglumatlaryň esasynda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada netijenama.