“KEPIL AUDIT MASLAHAT”

       – Türkmenistanda hasaba alnan audit we konsalting kompaniýasy. Kompaniýanyň baş ofisi Aşgabatda ýerleşýär. Biziň auditorlarymyz kärhanalaryň (şol sanda kiçi we orta işewürligiň) önümçilik, söwda we hyzmat üpjünçiligi pudagynyň auditinde, banklaryň auditinde, gurluşyk kärhanalaryň we nebit-gaz pudagyndaky kärhanalaryň auditi boýunça işleýärler. Auditor we konsalting hyzmatlarynyň bazarynda biziň kompaniýamyzyň iş tejribesi 2000-nji ýyldan bäri dowam edýär. Öz işini amala aşyrmak üçin biziň kompaniýamyzyň ähli zerur ygtyýarnamalary bar.

NÄME ÜÇIN BIZ?

       Biziň kompaniýamyzyň topary audit işi babatynda baý tejribeli, kandidatlyk we doktorlyk ylmy derejeleri bolan, şeýle hem ACCA diplomyny alma ugrundaky ýokary hünär derejeli sertifikatlaşdyrylan hünärmenlerden düzülen. Mundan başga-da, biziň hatarlarymyzda “Uly dörtlügiň” öňki agzalary we işgärleri işleýärler.

Biziň ýörelgämiz – hünär etikanyň we hiliň ýokary talaplaryny berjaý etmek.

       Biziň iş usulymyz – müşderileriň iş talaplaryny kanagatlandyrmak, işiň aýratynlyklaryny hasaba alyp tiz üýtgeýän bazar şertlerinde olaryň işewürliginiň ösüşine we kämilleşmegine dowamly ýardam bermek.
Ykdysadyýetiň salgyt, bank, nebit-gaz, gurluşyk we beýleki öňde baryjy pudaklaryndaky hünär başarnyklar we köp ýyllyk iş tejribesi müşderileri iň gowy amaly tejribe, onuň ýany bilen möhüm we ynamdar maglumat, netijeli çözgütleri bolan hilli hyzmatlar bilen üpjün etmäge, şeýlelikde, Siziň işewürligiňiziň ösüşine oňaýly goşant goşmaga mümkinçilik berýär.

BIZIŇ BORJUMYZ

Siziň işewürligiňize goşant goşmak;
Sizi iň oňat amaly tejribe we möhüm maglumat bilen üpjün etmek;
Hilli we wagtynda hyzmatlary etmek;
Siziň meseleleriňize çözgüt tapmak;
Siziň ynamdar hyzmatdaşyňyz bolmak.

BIZIŇ GYMMATLYKLARYMYZ

Bazarda öňdebaryjylyk;
Hünär kämilligi we etika;
Dowamly innowasiýa we özgeriş;
Müşderilere bolan oňyn we gurujy nukdaýnazardan ýakynlaşma.

 

Лицензии