HÖKMANY AUDIT
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
MEÝLETIN AUDIT
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
BANK AUDITI
aaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
TASSYKLAMA

HER ÝYLKY HÖKMANY AUDIT

       Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt kompaniýalaryň şahamçalary we wekillikleri, hojalyk we paýdarlar jemgyýetleri, bilelikdäki kärhanalar, banklar we ätiýaçlandyryş kompaniýalar hasabat ýylyň netijeleri boýunça hökmany auditi geçirmäge borçlydyrlar, bu bolsa şol barlagyň netijeleri boýunça garaşsyz auditorlyk pikirini bildirmek maksady bilen ýuridik şahsyň maliýe hasabatynyň garaşsyz daşky barlagy bolup çykyş edýär.

       Uly pul we maddy dolanyşygy ýagdaýynda hökmany auditi her çärýekde geçirmek maslahat berilýär. Netijede, Siz öz maliýe ýagdaýyňyza degişlilikde bolup biljek maýadarlar üçin gerekli obýektiw we dogry maglumaty alýarsyňyz we ygtyýaryňyzda ýyllyk maliýe hasabatyny we salgyt beýannamalary tabşyrmazdan öň zerur düzetmeleri amala aşyrmak üçin ýeterlikli wagtyňyz bolar.

.

MEÝLETIN AUDIT & IÇERKI AUDIT & ÝÖRITE AUDIT

Siziň işewürligiňiz howplardan goralanmy?

       Siziň işewürligiňiz howplardan goralanmy?

       Meýletin audit müşderiniň saýlawy bolup durýar we müşderiniň meýli boýunça geçirilýär. Üstünlikli işleýän kompaniýa ähli kompaniýalaryň strategik maksady bolup durýar.  Içerki gurluşlaryň işiniň hilini tassyklamak maksady bilen kompaniýalaryň içerki gözegçiliginiň oňat sazlanan ulgamy bolmaly. Eger Siz içerki audit hyzmatyna mätäç bolýan, ýa-da ýörite maksatlar üçin auditorlary çekmek kararyna gelen bolsaňyz, Biziň kompaniýamyz Size bir gezeklik ýa-da dowamly gurnalyp biljek bu hyzmatyň autsorsingini hödürleýär. Biz guramanyň içerki gözegçilik prosesiniň netijeligini öwrenýäris we baha berýäris, kanunçylyga, kadalaşdyryjy namalara, syýasata we proseduralara bolan laýyklygyny, dolandyrma we işewürligi dolandyrma howpuny kesgitleýäris. Kompaniýanyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam bermek maksady bilen baş ýörelgäniň kämilleşmegi we amala aşyrylmagy üçin esasy bölümleri anyklaýarys, şeýlelikde, Siziň işewürligiňiziň üstünlikli işleýişi üçin öz ähmiýetli goşandymyzy goşýarys. Hilli içerki audit Size maliýe hasabatynyň ýalňyşlyklaryny öz wagtynda ýüze çykarmaga we düzetmäge mümkinçilik berer, bu bolsa puluňyzy, şol sanda hem jerime tölegleri we gaýry sanksiýalar babatynda tygşytlamaga ýol berer.

BANKLARYŇ AUDITI

“KEPIL AUDIT MASLAHAT” bank auditi boýunça ýörite ygtyýarnamasy bar.

         Biziň kompaniýamyzyň hatarlarynda bank işiniň auditinde ýöriteleşýän sertifikatlaşdyrylan bilermenler işleýärler. Baý bank iş tejribesiniň esasynda dörän çuň amaly bilimleri bilen bilelikde tehniki ukyplary bolan bilermenlerimiz müşderiniň işewürliginiň ähli jähtlerine aýratyn üns çekip Size maglumaty anyklamagyň hünär usulyny hödürleýär, şeýle hem aşakdakylar babatyndaky auditi:

– Bankyň esaslandyryjy resminamalary we gaznalary;
– Töleg we hasaplaşyk amallary;
– Kassa we kassa amallary;
– Banklaryň aktiw amallary;
– Banklaryň passiw amallary;
– Banklaryň paý we karz gymmatly kagyzlary;
– Walýuta amallary;
– Maddy we maddy däl aktiwler;
– Çykdajylar, girdejiler, peýdany paýlama;
– Maliýe ýagdaýy barada jemleýji hasabatynda;
– Jemi peýda barada jemleýji hasabatynda;
– Bankyň salgyt salynmasy.

TASSYKLAMA

       Häzirki döwürde hojalyk amallaryň kanunçylyga we buhgalteriýa kadalara bolan laýyklygy babatynda garaşsyz we aýdyň kesgitlemesini geçirmäge zerurlyk elmydama tapylýar. Iş meseleleriňiziň çözülişi üçin tejribämiz Size aşakdakylar babatynda kömek eder:
– Birleşdme we birikmede;
– Işewürligiňize baha bermede;
– Işewürligiň gaýtadan düzülmegi we gurnalmagynda;
– Ýatyryş ýa-da gaýtadan hasaba alyşda;
– Esaslyk maýanyň tassyklanmagynda.